Türkmenistanda lomaý içerki (otag arasy) gapylar

 

«Walsta» kompaniýasy täze daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna hemişe şat, olar üçin biz ýokary derejede önümiň we hyzmatyň hilini, amatly şertler we bahalar teklip etmäge taýýar.

 

Häzriki wagtda biz GDA döwletlerinde: Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda, Äzerbeýjanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Ermenistanda lomaý şeklinde içerki (otag arasy) gapylaryny satmaga gyzyklanýarys.

Ähli hyzmatdaşlara oňat arzanladyşlar berilýär, Gümrük birligi döwletlerinden (Gazagystan, Ermenistan, Gyrgyzystan) hyzmatdaşlar üçin bolsa, GBüS öwezini dolmak boýunça amatly mehanizmler göz öňünde tutulan.

 

Gapylar üpjün edilende tapgyrlarynyň tertibi:

  • Gapy tapgyry üçin sargydyň resmileşdirilmegi.
  • Öňünden töleginiň geçirilmegi, onuň möçberi hyzmatdaşlygyň möhleti we şertnamanyň şertlerine bagly.
  • Sargydyň önümçiligi başladylmagy. Sargytlaryň ortaça ýerine ýetiriş möhletleri 14 gün bolup, sargydyň gyssaglylygyna baglylykda üýtgäp bilýär.
  • Taýýar boldugyndan tapgyr ular kompaniýasynyň ýa-da Sargytçynyň ulagyna ýüklenýär.Gapylaryň ulaga  ýüklenmegi pallet usulda ýüki plombalamak bilen amala aşyrylýar.

Sargydyň ýerine ýetirilşiniň haýsy tapgyrdadygyny islendik wagtda seredip bilersiňiz. Biziň menejerlerimiz tölegleriň gelip gowuşmagy meseleleri, sargyt üstünde işleriň gidişi, eltilmeginiň guramaçylygy meseleleri boýunça hemişe habarlaşmaga taýýar.

 

Hyzmatdaşlarymyza mahabatlandyryş önümleri, reňkleriň we şponlaryň nusgalary berilýär. Şeýle hem, sergi nusgalarynyň berilmegi meýilnamalary bar.

 

«Walsta» kompaniýasy bilen işlemek – bu, öz sebitiňizde ýokary hilli gapylary ýerlemek bilen oňat girdeýji gazanmaga mümkinçilik bolup durýar.

Lomaý bahalaryň we şertnama nusgasyny almak üçin, aşakdaky formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris:

 

 

Biziň menejerlrimiz, +7 (49232)7-57-32; +7 (930)748-88-81 telefon belgilerinde siziň ähli soraglaryňyza jogap bermäge taýýar.